Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň 2-nji tapgyry geçirildi.
Bäsleşik «Gadymy Hytaý we Uzak Gündogar siwilizasiýalary: köpdürli medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty» temadan geçirildi.
Ýurdymyzyň orta mekdeplerinde okaýan 16 ýaşly okuwçylar bu bäsleşikde bilim başarnyklaryny görkezmek üçin saýlandylar.
Geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň netijesinde dört okuwçy indiki oýna gatnaşmak üçin hukuk gazanmagy başardylar.
Geçen ýyl «Köneürgenç» döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan «Kerwensaraý portalyň» golaýynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende açylan täze arheologik tapyndylar gadymy Gurgenjiň keramiki sungatynyň ýokary derejesini ýene bir gezek tassyklady. Olaryň tapan toýun küýzeleri we humlary, toýundan tokurtgalaryň galyndylary, binagärlik bezeginiň terrakota elementleri – jemi ýüzden gowrak zat Daşmetjit medresesiniň köne binasynda ýerleşýän halk senetleri muzeýiniň gaznasynda saklanýan tapyndylaryň üstüni ýetirdi.
Gyşky dynç alyş günleri mekdep okuwçylarydyr mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin ýurdumyzyň teatrlarynda we medeni merkezlerinde guralýan gyzykly Täze ýyl çykyşlaryna we tomaşalaryna gatnaşyp bolýan iň ajaýyp döwürdir.
Çagalar üçin döredijilik sowgatlarynyň biri-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, şeýle hem çagalaryň söýgüli artisti Aşyr dädäniň taýýarlan sirk şüweleňi boldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde giň gerimli sergi guraldy, oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.
Gözden geçirilişde amaly-haşam sungatynyň eserleri hem-de zehinli türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden çykan, dünýä gymmatlyklary hasaplanylýan nepis halylar görkezildi.