• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde belent maksatlary özünde jemleýän giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýar.

Arkadag şäheriniň nurana ýollarynyň abadanlaşdyrylyş derejesi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz ýolugra döwrebap şäheriň ýolagçylary üçin niýetlenen awtobus duralgalaryny synlady.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheri abadanlaşdyrmak, onuň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek, şäheriň durmuş düzümlerine döwrüň ösen tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheriniň hojalyk ulgamyna degişli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak, onda häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap derejesini üpjün etmek, şol bir wagtyň özünde, şäheriň dolandyryş düzümleriniň işine täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan, maslahatlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän ähli işgärler, hünärmenler öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalary edýärler. Bu ýerde ýerleşdirilen desgalar, türkmen döwletliliginiň mizemez nyşany bolan Baýdak sütüni we meýdança gelýän ýollaryň abadanlaşdyrylyşy bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Munuň özi Milli Liderimiziň tagallasy bilen täze şäheriň ähli künjeginiň milli binagärlik ýörelgeleri hem-de häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda döwrebaplaşdyrylandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri «akylly» şäher bolmak bilen, döwrebap ýaşaýyş toplumyny, durmuş maksatly binalaryň ençemesini özünde jemleýär. Bu şäheriň özboluşly ajaýyplygy onda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, oňaýly dynç alşynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň oňyn netijesidir. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra şäheriň Ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binasy, onuň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. Bu ýerde degişli işleri ýokary derejede alyp barmak üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Bu bolsa ýangyn söndürijileriň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmeklerinde möhümdir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş boldy. Bu ýerde desgalara sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz döwrebap tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygy hem-de bu işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek babatda Aragatnaşyk müdirliginiň hünärmenlerine birnäçe maslahatlaryny berdi. Hünärmenler, öz gezeginde, bu ýerde döredilen döwrebap mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz täze — 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy we bu ulgamyň ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýandygyny belledi.

123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüztutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we “Tiz kömek” merkezlerine maglumat berýär hem-de bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde, döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar. Bu bolsa adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ähli işleriň sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde durýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň degişli düzümleriniň işiniň kämilleşdirilişi barada giňişleýin maglumat berýän şekil taslamalaryny synlady.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary, şäheriň çäkleriniň abadanlaşdyrylyşy, gök zolaklaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň çäklerinde-de binalaryň ýerleşdirilişine, desgalaryň, önümçilik kuwwatlyklarynyň enjamlaşdyrylyşyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Bu bolsa şäheriň sazlaşykly we köptaraplaýyn ösüşiniň baş şertini emele getirýär.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hem-de paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkeziniň alym-hünärmenleriniň ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallardan taýýarlan önümleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu işde, esasan, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabyndan ugur alyndy. Milli Liderimiz talyplaryň we ýaş alymlaryň ýerine ýetirýän ylmy işlerini höweslendirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da giňeltmegiň, olaryň ylmy hem-de önümçilik ähmiýetini açyp görkezmegiň möhümdigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen bagly meselä seredildi. Şeýle-de bu ýerde polipropilenden hem-de polietilenden ýurdumyzda öndürilen lukmançylyk serişdeleriniň birnäçe görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu önümler hil taýdan we häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmegi babatda ýokary halkara görkezijilere kybapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda, esasan, senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklarynyň guraljakdygyny belläp, bu işleriň ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy we bu ýerde öndüriljek önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda wajyp orny eýelejekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem bu ýerde bina ediljek senagat desgalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hil derejesi, berkligi, uzak möhletleýinliligi babatda tapawutlanmalydygyny aýtdy we bu barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ekologik talaplara laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işini ýokary derejede guramak üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşjak ýerli gurluşyk kompaniýalaryny seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny tamamlap, täze şäheriň Baş baýdak meýdançasynyň ýanynda saklandy. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň agşamky görnüşlerinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar.

Arkadag şäheriniň owadan görnüşli yşyklandyryjylary özüniň älemgoşar öwüşginleri bilen ynsan kalbyna ýakymly täsir edýän görnüşleri döredýär. Bu künjegiň arassaçylyk derejesi, meýdançanyň döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylmagy şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär. Bu görnüşleriň agşamyň ýakymly howa gurşawy bilen sazlaşygy adamlaryň göwnüni göterýär, olary täze sepgitlere ruhlandyrýar. Aýratyn-da, şäheriň agşamky görnüşlerini guşuçar belentlikden synlanyňda, bu ýerde adam eli bilen döredilen gözelligiň şaýady bolýarsyň. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen gurlan häzirki zaman şäheriniň bezeg aýratynlyklaryna we abadanlaşdyrylyşyna hem-de yşyklandyryş ulgamynyň özboluşly gözelliginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär.

Bu görnüşleri synlap, Gahryman Arkadagymyz şäheriň Akhan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy. Köpriniň bezeg aýratynlyklary, onda ýerleşdirilen şekiller bu künjegiň özboluşly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. Onuň bezeginde ahalteke bedewleriniň keşbine aýratyn ähmiýet berilmegi halkymyzyň ajaýyp bedewlere bolan milli buýsanjyny artdyrar.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýerine ýetirilen bezeg işlerini synlap, onuň halkymyzyň milli ruhuna we häzirki zamanyň ösen tejribesine kybap gelmelidigini, her bir bezeg işiniň desganyň ähmiýetine mahsus derejede bolmalydygyny belledi. Şeýle hem Milli Liderimiz bu işlere ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň, olaryň täzeçil garaýyşlarynyň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.