• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmen wekiliýeti durnukly energetika pudagyndaky tejribe bilen tanyşmak üçin Gruziýa bardy

Türkmenistanyň 16 adamdan ybarat wekiliýetiniň «Iş ýüzünde durnukly energiýa: Gruziýanyň üstünlikleri we ÝB-niň öňdebaryjy tejribesi» mowzugy boýunça tanyşlyk sapary tamamlandy.

Bu sapar Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika baglanyşyklar» (SECCA) taslamasy tarapyndan ýola goýuldy. Türkmen wekiliýeti «Türkmenenergo» Döwlet elektrik energetika korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ylmy-önümçilik merkeziniň işgärlerinden ybarat boldy.

Wekiller Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň, Gruziýanyň Energetikany ösdürmek gaznasynyň we «Gruziýanyň Döwlet elektrik ulgamy» Energiýa netijeliligi merkeziniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Olar durnukly energetikany ösdürmegiň umumy strategik we hukuk binýady, binalarda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň amaly jähetleri (hökümet binasynyň tükelleşdirilmegi, binalara energetika taýdan şahadatnama berilmegi), senagaty ösdürmegiň amaly jähetleri (iri kärhanalaryň sanawy, ýokary hilli energiýa barlaglary) bilen tanyşdylar.

Şeýle hem myhmanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa netijeliligini ösdürmek mowzugy boýunça tegelek stola gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, olar Gruziýanyň suw, ýel we Gün elektrik beketlerine baryp gördüler.

Aýjahan Ataballyýewa