• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmenistan we Azerbaýjan gümrük pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy türkmen-azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň çäginde Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygy Ş.Bagirow bilen duşuşdy.

Taraplar iki ýurduň gümrük gurluşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha berip, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti tarapyndan guralan köptaraplaýyn ýygnaklara, konferensiýalara we forumlara gatnaşdy.

Mundan başga-da, BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň bütindünýä konteýner dolandyryş maksatnamasynyň çäginde iki ýurtdan gümrük işgärleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki okuwlar geçirildi. Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat toparynyň çäginde gümrük hyzmatdaşlygy Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe görnüşinde hem güýçlenýär.

Şahin Bagirow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gurluşy we işi bilen tanyşdy we hormatly myhmanlar kitabyna ýazgy galdyrdy.

Aýjahan Ataballyýewa