• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Tailandyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.