• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.