• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmenistada deňiz ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar

Türkmenistanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, deňiz-derýa pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.