• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Ýokary Baştutanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara Malaýziýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Sultan Ibrahim ibni Almarhum Sultan Iskandara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.