• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Hazarüsti geçelgesiniň ýurtlary gümrük amallaryny ýönekeýleşdirer

Türkmen wekiliýeti Hazar sebitiniň gümrük gullugynyň hünärmenleriniň Bakuwda geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda Gündogar-Günbatar halkara Hazarüsti aralyk geçelgesi boýunça üstaşyr gümrük düzgünini «bir penjire» ýörelgesi esasynda ýönekeýleşdirmek baradaky taslama ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada azerbaýjan elektron neşirleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük gulluklary geçelgäniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin sanly çözgütler esasynda gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, serhet geçelgelerini çaltlaşdyrmak ugrunda möhüm ädimler ädýärler.

14-nji martda geçirilen duşuşykda «bir penjire» ýörelgesi boýunça üstaşyr maglumatlaryň ygtybarly we howpsuz alyş-çalşygyny üpjün etmek boýunça has ýönekeý we çeýe gümrük amallary üçin şert döredýän Ýeke-täk üstaşyr portalyny döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aralyk geçelgede ýeňil üstaşyr düzgünlerini işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy taýýarlanyldy we gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň Teswirnamasynyň taslamasy ylalaşyldy.