Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýanyň Ankara şäherinden meşhur ştangaçy Naim Süleýmanoglunyň hormatyna bagyşlanan halkara ýaryşyndan Watanymyza sekiz medal getirdiler.
Silkip galdyrmakda, itekläp galdyrmakda we ikileýin görnüşde kümüş medallaryň üçüsi Ogulgerek Amanowa gowşuryldy. Bu baýraga ol 55 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Silkip galdyrmakda ildeşimiz 70 kilogram agramy, itekläp galdyrmakda 85 kilogram agramy göterdi, bu bolsa görnüşleriň ikisiniň jeminde 155 kilograma deň boldy.
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.
Özbegistanyň paýtagtynda agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynda ildeşimiz Surajbek Sapaýew silterläp, itekläp götermekde jemi görkeziji boýunça wise-çempion adyna eýe boldy. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky umumy bilim berýän 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Surajbek Sapaýew 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramda bäsleşdi we 5 türgeniň arasynda şeýle üstünlik gazandy.