Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dowam edýär.
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Ol türkmenistanlylaryň ýurdumyzda mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmelere işjeň gatnaşmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Beýik Biribaryň rehim-şepagatyndan doly mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu sahawatly aý dünýäniň musulmanlary üçin ruhy gymmatlyklary artdyrmak, özara düşünişmek we mundan beýläk-de özüňi kämilleşdirmek, raýdaşlyk, jebislik üçin ýene-de bir mümkinçilik bolup durýar.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine ugrady.
Bu gezekki sapar dostluk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, bar bolan mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa öwrüler.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüni tutmak dabaralary boldy. Bu lukmançylyk desgalarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda badalga berildi.