Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Odişa ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu çäre paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesini özünde jemledi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Paýtagtymyzyň howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi.
2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-fin gepleşikleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.
Finlýandiýa tarapyna Finlýandiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň Baş müdiri Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdi. Duşuşyga Finlýandiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ikka Rýasýanen hem gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.
Hanym Helga Şmid hormatly Prezidentimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.
Sizi tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden we dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyza bolan söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy.