• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Syýasat we ykdysadyýet

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Roza Otunbaýewa bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Salome Zurabişwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Biziň gadyrly dostumyz!

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň
Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak syýasatyna eýerip hem-de Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Iwan Kirillowiç Wolynkini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.

Irden iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Sian şäheriniň “Sýanýan” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Milli lybasly gyz belent mertebeli myhmana gül desselerini gowşurdy.

Pages