• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Syýasat we ykdysadyýet

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy hem-de şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda gibrid görnüinde, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki dolandyryş komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygy bellenildi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk we özara bähbitli ýörelgelere daýanýan hem-de häzirki döwürde hil taýdan täze derejä eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşini üpjün etmek wezipeleri öz beýanyny tapdy. 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine seredildi.

Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde şatlykly ýagdaý emele geldi — ähli ýerde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly kaliý serişdesini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplük satyn aldylar.

Pages