• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.

Irden iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Sian şäheriniň “Sýanýan” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Milli lybasly gyz belent mertebeli myhmana gül desselerini gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmagy teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, ýangyç-energetika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

«Biz ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar» – diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.

«Şeýle hem, biz ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyndan ugur alyp, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda çykyş edýäris» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ähli amatlyklary bolan 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Norwegiýanyň Patyşasy Harald V-ä Norwegiýanyň milli baýramy — Konstitusiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Harald V-ä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Norwegiýa Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pages