• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Syýasat we ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu iri halkara düzüm bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet bermek bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatyň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» netijeli durmuşa geçirmek, halkara sergi işini ösdürmekde abraýly halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklaýan degişli Karara gol çekdi.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we açyklygyň derejesiniň ýokarydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Milli Liderimiziň Aşgabatdan ugran uçary Pekiniň «Şoudu» howa menziline gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar.

«Türkmenistan netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş etmek bilen, hoşniýetlilige, medeni gatnaşyklara, iň gowy tejribeleriň we garaýyşlaryň alşylmagyna esaslanýan hem-de ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan döwletara dialogy alyp barýar» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. BMG-niň Düzgünnamasyna we maksatlaryna laýyk gelýän bu ýörelgeler dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk köprüsini gurmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Gyrgyzystanyň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, «Manas» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Pages