Bişkege iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary global we sebit syýasatynyň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar.
Kiçi düzümdäki duşuşykdan soňra taraplaryň hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň giňeldilen düzümdäki mejlisi geçiriler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.
Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara ýurduň Belujistan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren partlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip hatda bellenilýär.
ürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä hem-de Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar-ul-Hak Kakara ýurduň Belujistan we Haýber-Pahtunhwa welaýatlaryndaky metjitlerde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren partlamalar zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip hatda bellenilýär.
u gün ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Her ýyl ýurdumyzda baş baýramymyzyň hormatyna geçirilýän at çapyşyklary baýramçylyk dabaralarynyň öwüşginini has-da artdyryp, döwürleriň arabaglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, mähriban halkymyzyň gadymy milli däplere ygrarlylygyny alamatlandyrýar.