• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Syýasat we ykdysadyýet

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size gutlaglarymy we tüýs ýürekden arzuwlarymy iberýärin.

Köpugurly işiňiz bilen, Siz häzirki Türkmenistanyň döwletliligini, onuň sebitdäki ornuny pugtalandyrýarsyňyz.

Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen işlerde Size häzir hem uly orun degişlidir.

Size berk jan saglyk we ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň şu gün geçirilen duşuşygy şanly waka — täze Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlandy.

Baýramçylyk forumyna 2019-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen düýbi tutulan “akylly” şäheriň açylyş dabarasynda bolan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary bar.

Şu gün Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Döwlet ähmiýetli şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bilen belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.

Gowşurylan sylaglar:

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen duşuşyk boldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmany mähirli mübärekläp, döwlet durmuşynda parlamentarileriň ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Bu gün parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs Musara ýurduň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nataşa Pirs Musara berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Pages