• Turkmen
  • Русский
"Aşgabatýylylyk" tresti

Syýasat we ykdysadyýet

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiz — hormatly Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Ogulabat ejäniň ömür ýoly Watany we halky söýmegiň, parasatlylygyň, rehimdarlygyň ajaýyp nusgasydyr.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ajaýyp halkara baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguz han” köşkler toplumyndan çykyp, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine tarap ugrady.

06.04.2023ý. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününiň baýram edilmegi türkmen halky üçin bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin hem şanly wakadyr. Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 75 ýyllyk ýubileýini belleýär.

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, “Westport Trading Europe Limited”

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýede Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine guwanylýandygyny aýtdy.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Igor Babuşkini şanly waka — doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi açyldy. Sergi gazanylan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda harytlaryň öndürilişiniň möçberini giňeltmekde we hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde geljekki mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Pages