Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa Filippinler Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Ferdinand Romualdes Markosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Filippinler Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine we ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi.
Şu mynasybetli iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Wengriýanyň Hökümetiniň baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler we gül dessesini gowşurýarlar.
Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.
Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň golaýynda haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler we gül dessesini gowşurýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýerip, Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri, işewürlik gepleşiklerini, forumlary geçirip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri alyp barýarlar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waleriu Kiwerden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, degişli edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şwesiýa Patyşalygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.