"Aşgabatýylylyk" tresti

Image

Aşgabat şäher häkimligi ashgabat.gov.tm

“Aşgabatýylylyk”tresti Aşgabat şäher häkiminiň 1995-nji ýylyň 1 - nji sentýabrynda çykaran №1188 belgili kararyň we Aşgabat şäher häkimliginiň Kommunal hojalyk birleşiginiň 1995 - nji ýylyň 4 - nji sentýabrynda çykaran №148 belgili buýrugyň esasynda döredildi

“Aşgabatýylylyk” trestiniň hukuk salgysy – Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, 2060 / 10(Gurban Durdy) köçesi, 3 jaýy.

Wakalaryň jümmüşinde

02.03.2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler batly depginde dowam etdirilýär. Bu tapgyrda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylýar.

Medeniýet we Bilim

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tbilisiniň Kino öýünde döwletara gepleşikleri ösdürmekde, özara düşünişmegi berkitmekde hem-de ýurtlaryň we halklaryň arasynda berk ynamy pugtalandyrmakda medeniýetiň möhüm ornuny açyp görkezýän «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filmiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Kinoflmde Türkmenistanyň, Hytaýyň we Gruziýanyň medeniýetleriniň köpdürliligi görkezilip, olaryň medeniýetara gepleşikleri ösdürmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşantlaryna aýratyn üns berilýär.

Türkmenler adamzat taryhynda ilkinji eldekileşdirilen tohum atlary — meşhur ahalteke bedewlerini kemala getiren halkdyr. Aslynda, atçylyk adamzadyň hojalyk işiniň bir görnüşi hökmünde hut ahalteke bedewleri bilen baglylykda döreýär. Bu ugruň gözbaşynda mundan bäş müň ýyl ozal behişdi bedewleri dünýä beren türkmen halky durýar.

2026-njy ýylyň ilkinji aýy şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyna laýyk üstünliklere beslenýär. Ol üstünligiň ahalteke bedewleriniň hem-de ýurdumyzyň medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy halkymyzyň buýsanjyny, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda dünýä atşynaslygynyň nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da belende galýar. Şunuň bilen bagly buýsançly wakalaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip at berlen 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda bolup geçmegi ýylyň bu ajaýyp şygaryna laýyk gelip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary arkaly bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä derejesinde giňden dabaralandyrýandygynyň güwäsidir.