"Aşgabatýylylyk" tresti

Medeniýet we Bilim

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda brifing geçirildi. Ol şu ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk çärelerine bagyşlandy.

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem iýun aýynyň üçünji ongünlüginde geçirilýän Medeniýet günleri mynasybetli dürli çärelere giň gerim berilýär.

Türkmenistandaky Fransuz instituty (TFI) şu ýyl «Hereketde» diýen şygar astynda geçýän «Frankofoniýa – 2026» bäsleşiklerine gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär.