"Aşgabatýylylyk" tresti

Sport we syýahatçylyk

2026-njy ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça “Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç” adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bu sport çäresi 2026-njy ýylyň şygryna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gurnaldy.

Şu gün Türkmenistanyň ýygyndy topary Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilýän 16 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynyň deslapky tapgyryna Omanyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ynamly ýeňmek bilen başlady.