"Aşgabatýylylyk" tresti

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.


BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) ştab-kwartirasy bolan BMG-niň Maslahatlar merkezinde ESCAP-yň 82-nji sessiýasy öz işine başlady. 24-nji aprele çenli dowam etjek halkara forum Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilip, onuň mowzugy “Hiç kimi ünsden düşürmezlik: Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ähli ýaşdaky adamlar üçin jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek” diýlip kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.