"Aşgabatýylylyk" tresti

Saglyk goraýyş

Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Şu gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2024-nji ýylyň 14-15-nji marty aralygynda Seul şäherinde geçirilen «Medical Korea 2024 - The 14th Global Healthcare and Medical Tourism» atly halkara maslahatyň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Şu gün Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzda 8-nji ýanwardan 12-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) türkmen dilinde söz sintezatoryny ulanmak boýunça okuw geçirdi. Oňa gatnaşyjylar programmany bilim maksatlary üçin ulanmagyň aýratynlyklary, şol sanda ekrany okamak we web sahypalaryna girmek bilen tanyşdylar. Türkmen dilinde söz sintezatory 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Bütindünýä çagalar gününde hödürlendi.

Türkmenistanda lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen häzirki zaman laboratoriýa enjamlaryny, reagentleri we sarp ediş materiallaryny eltip başlamak Türkmenistanda başlandy еltip bermek Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäginde amala aşyrylýar. Taslama Türkmenistanyň kliniki we barlaghana hyzmatlaryny güýçlendirmekden ybarat.

Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde şatlykly ýagdaý emele geldi — ähli ýerde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary myhmanlar üçin baýramçylyk maksatnamasyny taýýarladylar.

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady.

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty öz işine başlady. Iki günläp dowam edýän wekilçilikli forum şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guralýar.