"Aşgabatýylylyk" tresti

Aşgabatýylylyk barada

 

“Aşgabatýylylyk” tresti Aşgabat şäher häkiminiň 1995-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykaran №1188 belgili kararyň we Aşgabat şäher häkimliginiň Kommunal hojalyk birleşiginiň 1995-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda çykaran №148 belgili buýrugyň esasynda döredildi. “Aşgabatýylylyk” tresti (mundan beýläk - “Trest”) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölüminde 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne № 24585643 belgide hasaba alynan Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşigi (mundan beýläk – “Esaslandyryjy”) gönümel tabynlygynda durýar.

 

Wezipeleri:

 

- Şäheriň ilaryny, kärhanalaryny we guramalaryny ýylylyk energiýasy hem-de gyzgyn suw bilen bökdençsiz we ähtibarly üpjün etmek;

- Ýyladyş desgalaryň we ýylylyk ulgamlaryň işiniň ýgtybarlylygyny we tygşytlylygyny ýokarlandyrmak;

- Enjamlaryň ulanylşyny “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň talaplaryna we tehniki ulanylşy düzgünlerine laýyklykda gurnamak;

- Ýylylygy öndürmekde we ýylylyk energiýany ýerlemekde özüne düşýän gymmatyny azaltmak;

- Ýylylyk-energiýaly desgalary ulanmaga kabul etmek boýunça döwlet toparlaryna gatnaşmak;

- Şäheriň ýylylyk üpjünçiligini tassyklanan ýylylyk üpjünçiligi nusgalaryna laýyklykda ýa-da merkezleşdirilen ýylylyk üpjünçiligi sistemalarynyň goşundylary boýunça ösdürmek we olaryň öz wagtynda ýerine ýetirmegine yzygiderli gözegçilik etmek;

- Bellenen meseleleri ýerine ýetirmek üçin, trestda 35 sany ulanyş abatlama bölümleri we 25 sany gulluklar döredilen, heläkçilik dispetçer gulluklary, gaz gulluklarym awtoulag bölümlei we başgalary. Ýyladyş desga oturtmalaryň operatory – hünärini öwretmegi gurnamak.

 

Iş görnüşleri:

 

• Bug we kondisionerlenen howa bilen üpjün etmek

• Raýatlara niýetlenen beýleki gurluşyklary gurmak

• Turba geçirijileri gurmak

• Ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlary gurmak

• Taýar metal önümlerini (maşynlardan we enjamlardan başga) gurnamak

• Suw geçiriji ulgamlary, ýyladyş ulgamlaryny, wentilýasiýa we howany kondisionirleme ulgamlaryny gurnama (gurnamak)

• Gurulýan we ulanyşdaky obýektlerde ýangyn suw geçiriji, ýangyn söndüriji we tüssä garşy gorag ulgamlaryň abzallaryny we enjamlaryny (şol sanda ulgamlaryň böleklerini) gurnamak (sazlamak), abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek

• Suw geçeriji ulagmalary, ýyladyş ulagmalaryny, wentilýasiýa we howany kondisionirleme ulagmalaryny gurnama (gurnamak)

• Beýleki gurluşyk-gurnama işleri

• Izolýasiýa işleri

• Dürli materiallaryň otdan goraýşyny geçirmek

• Beýleki toparlara goşulmadyk beýleki gurluşyk-gurnama işleri

• Beýleki ýörite gurluşyk işleri

• Binalaryň üstüni basyrmak işleri

• Başga toparlara goşulmadyk beýleki ýörite gurluşyk işleri

• Beýleki ýerlerde ýatlanylmadyk beýleki ýörite gurluşyk işleri

• Elektrik enjamlary abatlamak işi

• 27.1 topardaky elektrik herekete getirijileri, generatorlary, transformatorlary, elektrik paýlaýjy we sazlaýjy enjamlary abatlamak işi

• 27 bölümdäki beýleki elektrik enjamlaryny (27.1 topardakydan başga) abatlamak işi we olara tehniki taýdan hyzmat etmek

• Inžener gözlegleriniň işi we bu ugurlar boýunça tehniki maslahatlar bermek hyzmaty

• Tehniki synag we gözegçilik etmekde senagat howpsuzlygy boýunça işler

• Merkezi ýyladyş ulgamyň radiatorlaryny we bug gazanlaryny abatlamak işi we olara tehniki taýdan hyzmat emek işi

• Bug bilen işleýän generatorlary we beýleki suw gazanlaryny abatlamak iş we tehniki taýdan hyzmat etmek işi

• Beýleki taýýar metal önümlerini abatlamak işi

• Elektron we optiki enjamlary abatlamak işi

• Ölçemekde, gözegçilikde saklamakda, synag geçirmekde we nawigasiýada ulanylýan 26.5 topardaky gurallary we enjamlary abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek

• Ölçeg serişdelerini abatlamak

• Beýleki maşynlaryň we enjamlaryň lomaý satuw söwdasy

• Hususy gozgalmaýan emlägi kärendä bermek

• Beýleki toparlara goşulmadyk bilim boýunça işler

• Işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek we olary gaýtadan taýarlamak

• Beýleki toparlara goşulmadyk bilim ulgamynda beýleki işler

• Hünär taýýarlygy

• Bug gazany-gözegçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy boýunça işleri;