"Aşgabatýylylyk" tresti

Oba hojalyk

Paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar.

Uly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän günlerinde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Olar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Daşoguz welaýaty ýurdumyzda örän peýdaly we meşhur ýagly ekin – künji öndürýän iň uly önüm öndürijileriniň biri bolmagyny dowam etdirýär. Bu ýyl bu gymmatly önümden azyndan 560 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.