"Aşgabatýylylyk" tresti

Medeniýet we Bilim

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen neşirde täze açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri, şol sanda golýazmalar, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýatşynaslyk hem-de ýurdumyzyň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirilipdir.

2024-nji ýylyň 22-26-njy noýabry aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň wekilleri Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde boldular.