"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmen paýtagtynda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hytaýly, fransiýaly, eýranly, russiýaly, ermenistanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gyrgyzystanly we gazagystanly sungat işgärleri gatnaşdy.

Festiwala gatnaşanlaryň hemmesi-de öz çykyşlaryny biziň ýurdumyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna bagyşlady, çünki bu şygar olaryň kalbynda seslenme tapypdy. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren Rejep Rejebowyň sazyna «Türkmenistan» aýdymy bilen açyldy. Bu watançylyk eser buýsançly ýaňlanmak bilen, festiwala gatnaşýan beýleki aýdymçylara ýol arçap, ýerine ýetirijiligiň ýokary derejesini görkezdi.

Goňşy eýran halk döredijiligi eserleri diňleýjilere özboluşly täsir etmek bilen, tomaşaçylaryň goňşy ýurduň milli sazy baradaky düşünjesini artdyrdy. Mosart Hytaý Halk Respublikasynyň meşhur opera aýdymçysynyň ýerine ýetirmeginde adatdan daşary täsin ýaňlandy. «Merjenler» instrumental pýesany eseriň russiýaly awtory Mamed Guseýnow, sazyň skripka bölegini bolsa Bahram Dolyýew unudylmajak şekilde ýerine ýetirdi.

Azerbaýjanly we ermenistanly ýerine ýetirijiler-de öz ussatlyklaryny görkezdiler. Darýa Guseýnowanyň ajaýyp sopranosy tomaşaçylaryň ählisini bendi etdi. Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasyndan gelen aýdymçy Rim Rahymowyň ajaýyp suratda ýerine ýetiren «Meniň Aşgabadym» aýdymyna tomaşaçylar «Brawo!» diýip, gop berdiler. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyna gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen meşhur «Türkmen sährasy» eseri halkara festiwalyň ilkinji gününi jemledi.

Ajaýyp sesler, şirin owazlar, sazandalaryň aňrybaş ýerine ýetirijiligi, artistleriň özüne çekijiligi – bularyň bary tomaşaçylara baýram duýgusyny, nirede ýaşaýandygyňa garamazdan, parahatçylykda we birek-birege ynanyşyp ýaşamak islegini bagyş etdi. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly tutuş ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly bagtly durmuşa çagyryş bolup ýaňlandy.

pen-icon

Tamara Glazunowa