Ýurdumyza dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan oba hojalyk ulgamy üçin ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalar, oba hojalyk we tirkeg gurallary yzygiderli alnyp berilýär. Bu tehnikalaryň üznüksiz we netijeli işledilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň bilen birlikde, tehnikalaryň gurat we öndürijilikli ulanylmagy üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň dürli görnüşleriniň zerurlygy ýüze çykýar. Bu meseläniň çözgüdi ýurdumyzyň Gündogar sebitinde oňyn çözülipdir.
Welaýatyň oba hojalykçylarynyň ygtyýarynda öňden bar bolan, sol sanda daşary döwletlerden alnan oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamak «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine degişli Türkmenabat abatlaýyş zawodynda guramaçylykly ýola goýlupdyr. Bu ýerde ýurdumyzyň agrosenagat toplumyna degişli tehnikalar üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzlerçe görnüşi ýasalýar. Kärhanada plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde işleriň talaba laýyk guralandygyny hem bellemek bolar. Oňa kärhananyň önüm öndürmek boýunça şu ýylyň 6 aýlyk meýilnamasynyň 118 göterim amal edilmegi-de şaýatlyk edýär. Bu görkeziji ösüş depgininiň geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 113,5 göterime barabar bolandygyny aňladýar.
Gerimi barha giňelýän kärhananyň önümleriniň ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň oba hojalyk ulgamyna iberilýändigini hem belläp geçmek bolar. Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň agrosenagat toplumyndan başga-da buýurmalar esasynda beýleki ulgamlar üçin hem ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar we degişli salgylara ugradylýar. Bu bolsa kärhanada girdeji çeşmeleriniň yzygiderli gözlenilýändiginiň we onuň netijeli çözgüdiniň tapylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Agamyrat Soltanow