"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmenistanda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň ösdürilýär

Häzirki zamanda sanly ulgama esaslanýan giň gerimli maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy hökmünde Internet adamlaryň gündelik durmuşyna berk ornaşyp, zähmeti guramagyň usullaryny, bilimiň we dynç almagyň görnüşlerini düýpli özgerdýär.

Türkmenistan hem döwür bilen aýakdaş gadam urmak üçin öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we özleşdirmek arkaly sanly ulgama geçmegiň hem-de bu ugurdaky işleri döwrebap derejede yzygiderli ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan öňdengörüjilikli asylly işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli dowam etmek bilen sanly ulgamlaryň döwrebap tehnologiýalarynyň iň kämil görnüşleriniň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

28-nji iýunda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamyna 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata berdi. Munuň özi «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa «akylly» şäher we «akylly» öý ulgamlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini dolandyrmakda, emeli aňyň, robototehnikanyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sanly ulgam arkaly bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Ýeri gelende bellenilip geçilse, 5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanýar. Ol ýokary tizlik derejesine we ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Bu tehnologiýanyň tizligi, öňkä garanyňda, 20 esse ýokarydyr.

Mälim bolşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň meşhur ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada ýakynda, 11-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde-de hormatly Prezidentimize hasabat berildi. Şonda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.

Bitaraplyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda alnyp barylýan şeýle işler Türkmenistanyň häzirki zamanda tehnologik kuwwatyny görkezmek bilen bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň döwletimizde Internet ulgamyny yzygiderli ösdürmek arkaly öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin dünýä maglumatlarynyň ummasyz çeşmelerini özleşdirmekde, dessin maglumat alyş-çalşygynyň hilini ýokarlandyrmakda we tizligini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bir söz bilen aýdylanda, ХХI asyryň ösüşini sanly torlaryň, aragatnaşygyň Internet kanallarynyň ösen ulgamy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl.

Şoňa görä-de, bu çemeleşme Türkmenistanyň döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Hökümetden başlap, telekeçilige, dolandyryş ulgamyndan başlap, önümçilik, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryna çenli ähli derejede sanly ulgamlaryň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine uly üns berýär. Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň wezipelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.