"Aşgabatýylylyk" tresti

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Şu gün paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu döwrebap seýilgähiň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, bagtyýar körpe nesiller gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda medeni-durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün açylyp ulanmaga berlen seýilgäh hem munuň aýdyň beýanydyr. Seýilgäh adamlaryň, hususan-da, çagalardyr ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmaklarynda, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli berjaý etmeklerinde wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi olaryň beden taýdan kämil ösmegine, döredijilik ukyplaryny artdyrmaga ýardam berýär.

Ýaş nesil baradaky alada ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýadydyr. Bu bolsa Türkmenistany belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüşi babatda ähli şertleriň göz öňünde tutulmagy, aýratyn-da, olaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr. Seýilgähiň ýerleşýän ýeriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmakda uly täsiriniň bardygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler ekologiýa bilen aýrylmaz baglydyr. Munuň özi geljek nesiller üçin durnukly, arassa tebigy gurşawy döretmegi maksat edinýär.

...Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, şadyýan çagalaryň hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şanly waka mynasybetli taýýarlan çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylara söz berildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyp ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesiniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra dabaraly ýagdaýda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş toý bagy kesildi. Şol pursat ak kepderi şekilindäki şarlar we ak kepderiler asmana uçuryldy.

Täze seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, güller, dürli baglar ajaýyp sazlaşygy döredýär. Welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary we beýleki gözellikler ähli ýaşdaky raýatlaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün eder.

Soňra döwrebaplaşdyrylan seýilgähiň açylyş dabarasy mynasybetli dürli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çagalar skripkaçylar toparynyň we erteki gahrymanlarynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary, mekdep okuwçylarynyň surat çekýän pursatlary bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabaranyň çäklerinde döredijilik we sport bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan çagalary sylaglamak dabarasy ýatda galyjy pursatlara beslendi. Olara hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bagtyýar çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Şeýlelikde, bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça başy başlanan işleriň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.