Aşgabatda 12–14-nji noýabr aralygynda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.
Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak ulag forumynyň çäklerinde «AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösüşi barada gürrüň berdi.
«AÖB Türkmenistan bilen ösüş babatda hyzmatdaşlyk edýändigi bilen buýsanýar. Biz bu ýerde eýýäm 25 ýyl bäri işleýäris, ýurda ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge goldaw berýäris. Bank Türkmenistana sebitara baglanyşygy pugtalandyrmakda, infrastrukturasyny ösdürmekde, şeýle hem esasy institutlary we adam maýasyny kämilleşdirmekde ýardam edýär. Hyzmatdaşlyk döwrüniň içinde AÖB ulag, energetika pudaklaryna we saglygy goraýyş ulgamyna maýa goýumlaryny berdi» diýip, A.Andrysýak belläp geçdi.
Bankyň wekiliniň sözlerine görä, häzirki wagtda AÖB Türkmenistanyň Hökümeti bilen demir ýol infrastrukturasyny pugtalandyrmak we adam maýasyny ösdürmek boýunça işleri alyp barýar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda infrastrukturasyny ösdürmäge, hususan-da, Aşgabat şäherindäki lukmançylyk orta okuw mekdebini gurmaga gönükdirilen bilelikdäki ylalaşyklara gol çekildi.
-Bu möhüm taslama bolup, AÖB saglygy goraýyş pudagynyň ösmegine ýardam edýär, bu bolsa Türkmenistanyň umumy ösüşi üçin esasy ähmiýete eýedir - diýip, söhbetdeşimiz nygtady.
Wekilhananyň direktory şeýle-de Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň merkezinde ýerleşýän möhüm strategik ornuny belläp, bu ugurda degişli taslamalary durmuşa geçirmekde AÖB-niň goldawyny belledi.
Bu ähmiýetli maslahatyň wekili bolmak mümkinçiligi üçin guraýjylara hoşallygymy bildirýärin. Men birnäçe ýyl bäri oňa uly gyzyklanma bilen gatnaşýaryn. Aýratyn-da, Türkmenistanyň «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ulag geçelgeleriniň merkezinde strategik orny eýeleýändigini bellemek isleýärin. Ýurt ulag infrastrukturasyna işjeň maýa goýumlaryny gönükdirýär, Aziýa ösüş banky bu prosesi goldaýar we geljekde hem Türkmenistana ýardam bermegi dowam etmäge taýýar - diýip A.Andrysýak beýan etdi.