"Aşgabatýylylyk" tresti

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi.

Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň, hoşniýetli goňşuçylygyň tejribesi baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ol medeniýet, sungat, ylym-bilim ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar hem-de gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açýar, halklaryň medeni mirasy bilen tanyşmaga ýardam berýär.

...Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, “Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň wekilleri mähirli garşyladylar. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny dünýäniň ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly goşant goşan şahsyýet hökmünde mübäreklediler. Soňra hytaý tarapynyň wekilleri Milli Liderimizi toplum bilen tanyşdyrdylar.

Haly düşelen ýodajygyň ugrunda sazandalar topary hytaý saz gurallarynda milli sazlary ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyz sazandalara çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, olary Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga ýurdumyza çagyrdy.

Ýolugra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen halyny synlady. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyna atlaryň gezim etdirilişi we hytaý tohum itleri görkezildi.

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda tohum arassalygy aýawly saklanyp, biziň günlerimize üýtgewsiz ýagdaýda gelip ýeten türkmen alabaýy bütin adamzat medeniýetiniň gymmatly mirasyna öwrülip, dünýäde bar bolan tohum itleriň naýbaşy nusgalarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň dünýädäki abraýyny artdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi itşynaslaryň arasynda tejribe alyşmaga, bu ugurda özara gatnaşyklary höweslendirmäge mümkinçilik döredýär.

Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumda atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapynyň wekilleri toplumyň sport atlaryny taýýarlamak we halkara ýaryşlary guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

Soňra Milli Liderimiz bu ýerde ahalteke atlaryny synlady. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny bellediler. Bu usulyýet ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamakda esasy şertleriň biridir.

Hormatly Arkadagymyz türkmen halkynyň gadymdan gelýän däbine eýerip, bu ýerde behişdi ahalteke bedewiniň boýnuna alaja daňdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň dünýäde wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri atşynaslaryň ünsüni çekýär. Halkymyz ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlary olaryň arassa ganlylygy we oňyn häsiýetleri bilen saklamagy, ösdürmegi hem başarypdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň dolandyryş binasynda ýaýbaňlandyrylan sungat eserleriniň sergisini synlady. Serginiň ekspozisiýasy ahalteke bedewiniň dünýä medeni mirasynda eýeleýän möhüm ornuny açyp görkezýär. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy.

“Equuleus” halkara atçylyk toplumynyň esaslandyryjysy hanym Wan Szýan duşuşygy açdy we türkmen halkynyň Milli Liderine topluma gelip görendigi üçin hoşallyk bildirip, uly hormat bilen söz berdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine dostluk sapary bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlygyny beýan edip, Hytaýa şu gezekki saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşmaga şatdygyny aýtdy.

“Türkmen we hytaý halklarynda bedewler bilen bagly örän köp atalar sözleri bar. Türkmen halkynyň “Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “At basman diýen ýerine müň basar” ýaly parasatly sözleri munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen we hytaý halklarynyň taryhynda bedew atlara uly orun degişlidir. Muňa taryhy maglumatlar hem doly güwä geçýär. 12 ýyl mundan ozal, özara dostlugyň nyşany hökmünde HHR-iň Başlygy Si Szinpine ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini bellemek isleýärin. Şu gezekki saparymyzyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gadyrly atly ahalteke atyny sowgat hökmünde gowşurdyk” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we 12 ýyl mundan ozal sowgat berlen ahalteke bedewiniň şol geçen döwrüň içinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygynyň özboluşly nusgasy bolandygyny nygtady.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň adyndan HHR-iň Başlygyna sowgat berlen ahalteke bedewiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, atşynaslyk we ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak aýratynlyklary barada durup geçdi.

“Taryhdan belli bolşy ýaly, şeýle ajaýyp bedewiň kemala gelmeginde türkmen tebigatynyň, hususan-da, dag howasynyň, çeşmeleriniň orny uly bolupdyr. Şu ýerde ýene bir zady bellemek isleýärin. Ahalteke atlarynyň gadymy mekanynda Arkadag şäherini bina etdik. Taryhy maglumatlara görä, Parfiýa zamanynda hytaý ilçisiniň köp sanly türkmen atlylary tarapyndan garşylanylmagy onda uly täsir galdyrypdyr. Şol döwür hytaý imperatoryna ajaýyp ahalteke bedewi sowgat hökmünde iberilipdir. Bu bedewiň gözelligi ahalteke atlarynyň Hytaýda “asman atlary” diýlip atlandyrylyp başlanmagyna getirýär. Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy ýerleşýär. Onuň golaýynda biz atşynaslar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny bina etdik. Arkadag şäherinde bolsa Halkara atçylyk akademiýasy açyldy. Dünýä meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň 6 gezek çempiony boldy. Bu toparyň düzüminde 20-ä golaý çapyksuwar bolup, olar, esasan, at üstünde çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirýän ussatlardyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän atçylyk akademiýasynda birnäçe fakultetiň hereket edýändigini, bu ýokary okuw mekdebinde bilim almak isleýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny we häzirki wagtda akademiýada 420 talybyň bilim alýandygyny nygtady.

“Biz ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şanyna iki gezek baýramçylyk dabarasyny geçirýäris. Olaryň biri, ýagny Türkmen bedewiniň milli baýramy öňümizdäki aýyň soňky ýekşenbesinde geçiriler. Ahalteke bedewine bagyşlanan beýleki dabaralar — at çapyşyklary, sergiler bolsa Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň çäklerinde guralýar. Biz ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretdik. Öz wagtynda men bu assosiasiýanyň Prezidenti boldum. Häzirki wagtda onuň Prezidenti Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we ýurdumyzda ahalteke atlary bilen bir hatarda, türkmen alabaýlarynyň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz alabaýlaryň beden gurluşy, güýç-kuwwaty bilen tapawutlanýandygyny we isleg bildirýänleriň Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna agza bolup biljekdiklerini aýdyp, hytaý tarapyny Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan aprel aýynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmaga çagyrdy. “Bu baýramçylygyň çäklerinde guraljak ylmy-amaly maslahaty, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlap, sentýabr aýynda hem geçirip bolar. Şol maslahatyň çäklerinde isleg bildirýänler bu assosiasiýanyň agzasy bolup bilerler. Arkadag şäherinde myhmanlar üçin bedewlere bagyşlanan giňişleýin tanyşlyk gezelenji guralar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini sentýabr aýynda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrdy.

“Bu biziň umumy baýramymyzdyr. Dabaralaryň dowamynda ahalteke bedewlerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi we bu täsin bedewleri ösdürip ýetişdirmek we wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleri üçin hytaýly atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.

Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofeng Milli Liderimize Hytaýyň ähli atşynaslarynyň adyndan hoşallyk bildirip, bilelikde ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, Milli Liderimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açyp, strategik hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi beren waka öwrüldi. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we özara düşünişmegiň ýokary derejesi iki ýurduň hem dürli ulgamlarda özara gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassyklady. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelip, durnukly ösüşiň wajyp şerti bolup durýar.