Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň dostlugyň we özara hormat goýmagyň berk binýadyna esaslanýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem Mihail Mişustin şu mejlisi geçirmäge döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Mihail Mişustine minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Russiýa Federasiýasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklaýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu gezekki saparynyň bolsa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir wajyp ugrudyr. Şunda bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.