"Aşgabatýylylyk" tresti

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy

Hor­mat­ly Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri!

Ha­nym­lar we je­nap­lar!

Il­ki bi­len, şeý­le ab­raý­ly we hor­mat­ly diň­leý­ji­le­riň öňün­de çy­kyş et­mä­ge ça­ky­lyk üçin gu­ra­ma­çy­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­mä­ge rug­sat ediň!

Hä­zir­ki dö­wür­de biz öň­de­ba­ry­jy ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri bi­len Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­je­gi uly taslamalaryny ara alyp mas­la­hat­laş­ýa­rys.

Bi­ziň ýurt­la­ry­my­zy uzak wagt­dan bä­ri do­wam edip gel­ýän hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar bag­la­nyş­dyr­ýar. Bu gat­na­şyk­lar­da yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry ýur­du­myz­da iş­le­me­giň uly tej­ri­be­si­ni top­la­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «LX In­ter­na­tio­nal Corp.» we «Hy­un­dai En­gi­nee­ring Co., Ltd.» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni bo­ýun­ça te­bi­gy ga­zy kü­kürt­den aras­sa­laý­jy za­wo­dyň, Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer za­wo­dy­nyň gur­lu­şyk­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Şeý­le hem «SK Net­works» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­lyk ul­gam­la­ry­ny gur­na­mak we kon­sul­ta­tiw hyz­mat et­mek iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi­ni Ko­re­ýa­da ön­dü­ri­len aw­to­bus­lar hem-de ýe­ňil aw­tou­lag­la­r düz­ýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da «Dae­woo En­gi­nee­ring & Const­ructi­on Co., Ltd.», «Ko­ryo Ship­bu­il­ding In­dust­ry Techno­lo­gy Co., Ltd.», «Ko­rea Me­di­tech Co., Ltd.» we beý­le­ki ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ma­ýa go­ýum taslamalarynyň bir­nä­çe­si amala aşy­ryl­ýar. Gel­jek­ki taslamalar bo­ýun­ça gep­le­şik­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Eý­ýäm ýa­kyn gel­jek­de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ba­dal­ga ber­ler.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da umu­my ba­ha­sy 12 milliard ame­ri­kan dol­la­ryn­dan gow­rak bo­lan 17 sa­ny ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy ha­sa­ba alyn­dy. Bu bol­sa ko­reý işe­wür­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­na yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­nyň we bi­ziň gat­na­şyk­la­ry­my­zyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Ga­dyr­ly dost­lar!

Biz Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na di­ňe bir mö­hüm teh­no­lo­gik we ma­ýa go­ýum hyz­mat­da­şy däl-de, eý­sem, se­na­ga­ty döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, san­ly­laş­dyr­mak­da we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä eýe bo­lan döw­let hök­mün­de ga­ra­ýa­rys. Türk­me­nis­tan hem, öz no­ba­tyn­da, ägirt uly te­bi­gy se­riş­de­le­re, dur­nuk­ly ener­ge­ti­ka bin­ýa­dy­na, amat­ly ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şe, iri ma­ýa go­ýum taslamalaryny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Biz ne­bit­gaz, hi­mi­ýa, ener­ge­ti­ka, ulag ýa­ly pu­dak­la­ra ko­reý teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny we do­lan­dy­ryş tej­ri­be­si­ni çek­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýä­ris.

Ulag-lo­gis­ti­ka üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek gel­je­gi uly ugur bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­ny Ha­zar se­bi­ti hem-de hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­niň beý­le­ki ugur­la­ry bi­len bir­leş­dir­ýän Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň mö­hüm ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de öz or­nu­ny ber­kit­mek­de uly müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. Biz ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň de­giş­li üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň taslamalaryna gat­naş­ma­gy­na se­ret­mä­ge taý­ýar.

Biz hi­mi­ýa se­na­ga­ty ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­ga-da uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iri önüm­çi­lik taslamalaryny amala aşyr­mak­da baý tej­ri­be­si bar. Mu­nuň özi mi­ne­ral dö­kün­le­ri­, ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni we beý­le­ki se­na­gat önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen tä­ze baş­lan­gyç­lar üçin go­wy şert­le­ri dö­red­ýär.

Luk­man­çy­lyk, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni-de aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin. Hä­zir­ki dö­wür­de ko­reý kom­pa­ni­ýa­la­ry Arkadag şä­he­rin­de hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mä­ge gat­naş­ýar­lar. Biz mu­ňa öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de or­naş­dyr­mak, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak üçin gel­je­gi uly ugur­la­ryň bi­ri hök­mün­de ga­ra­ýa­rys.

Ha­nym­lar we je­nap­lar!

Ýur­du­myz­da gel­je­gi uly bi­le­lik­dä­ki taslamalary dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ko­re­ýa­nyň işe­wür­ler jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne äh­li ze­rur şert­le­ri dö­ret­mä­ge we ola­ra hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­rys. Şu gün­ki du­şu­şy­gy­my­zyň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky işe­wür­lik hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mek­de no­bat­da­ky mö­hüm ädim bol­jak­dy­gy­na hem-de iki ta­ra­pyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze, anyk taslamalary kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

(Se­ul şä­he­ri, 2026-njy ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ry)