"Aşgabatýylylyk" tresti

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Tutuş halk bag ekmek dabarasy umumymilli çäreleriň iň möhümleriniň biri bolup, ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmäge ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa strategiýasy diňe bir milli bähbitleri öz içine alman, eýsem, tutuş adamzadyň abadançylygyna gönükdirilen ählumumy meseleler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek ugrunda wajyp ädimler ädilýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasy diňe bir ekologiýa çäresi bolman, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýän möhüm medeni-durmuş wakasydyr. Ol ýaş nesilde tebigata aýawly garamak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak medeniýetini kemala getirýär. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny oturtmak çäreleri giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýratyn ugry bolup, täze seýilgähleri, tokaý zolaklaryny döretmäge, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Netijede, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň daş-töwerekleri tokaý zolaklary bilen gurşalýar.

...Şu gezekki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, halk köpçüligi bar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — paýtagtymyzdaky Döwlet münberiniň günorta-günbatar tarapyna geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegi haýyş etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz bag nahalyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan bu asylly çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli dessurlarynyň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag nahallaryny oturtmaga girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Giň möçberli bag ekmek çäreleri ekologiýa medeniýetini has-da kämilleşdirmäge, jemgyýetimizde agzybirlik we ruhubelentlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga itergi berýär. Her bir ekilen nahal, döredilýän täze tokaý zolaklary geljek nesiller üçin arassa hem-de sagdyn daşky gurşawy üpjün etmegiň, eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny gül açýan bossanlyga öwürmegiň aýdyň beýanydyr. Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda biologik köpdürlüligi gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga şert döredýär. Ylmy çemeleşmeler esasynda alnyp barylýan bu işler tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny artdyryp, sebitde amatly howa gurşawyny üpjün edýär.

Halkara guramalar, şol sanda BMG-niň degişli düzümleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk ekologiýa ulgamyndaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.

...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ekologik taýdan iň arassa şäherleriniň biri bolan Aşgabat üçin bag ekmek çäreleriniň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, durmuş infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Aşgabat şäheriniň, Watanymyzyň beýleki künjekleriniň ýaşyl zolaklar bilen gurşalmagy ýaşaýyş üçin amatly şertleri döredýär. Paýtagtymyzyň halkara derejedäki abraýly baýraklara we güwänamalara mynasyp bolmagy ýurdumyzda tebigaty goramak babatda amala aşyrylýan işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu şäherdäki tapgyrlaýyn işler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýär. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar.

Arkadag şäheriniň mysalynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň şähergurluşyk syýasatynda hem «ýaşyl» standartlar, ekologik howpsuzlyk baş ýörelge hökmünde kesgitlenilýär. Ýokary tehnologiýaly «akylly» şäher konsepsiýasy tebigat bilen tehnologiýanyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün edip, geljekki gurluşyklar üçin nusgalyk bolup durýar. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde saýaly baglaryň ýetişdirilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär. Sähra giňişliklerinde bag nahallarynyň oturdylmagy ilatly ýerleri epgekden, tozanly ýellerden goraýar. Şeýle-de gür baglaryň sil suwlarynyň täsirini peseltmekde, umuman, amatly howa gurşawyny emele getirmekde ähmiýetlidigini bellemek gerek.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimizi şu gezekki ählihalk bag ekmek dabarasynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy tokaý hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamynda döwlet syýasatyny kesgitleýän esasy resminama bolup durýar. Ol tokaýlary durnukly dolandyrmaga, olary gorap saklamaga, ekologiýa we ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Maksatnamanyň çäklerinde tebigy tokaýlary gorap saklamak, emeli tokaý zolaklaryny döretmek, ekoulgamlaryň we tokaýlaryň howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem bu resminama ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerini, tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, birnäçe beýleki anyk çäreleri göz öňünde tutýar. Milli tokaý maksatnamasy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýasyndaky wezipeler bilen berk baglanyşykly bolup, ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.

Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, önümçilige we oba hojalygyna suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu çäreler ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde tebigy deňagramlylygy üpjün etmäge, suw baýlyklaryny geljek nesiller üçin aýawly saklamaga ýardam berýär. Diýarymyzda alnyp barylýan giň möçberli ekologiýa çäreleri diňe bir tebigaty goramak bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ekoulgamlaryň uzak möhletleýin durnuklylygyny kepillendirmäge kuwwatly esas bolup hyzmat edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hormatly Prezidentimizi şu gezekki ekologiýa çäresiniň üstünlikli geçmegi, şeýle hem Hasyl toýy bilen dabara gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde türkmen topragynyň berekedini we sahawatyny, türkmen daýhanynyň yhlasly zähmetini alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Bu iki dabaranyň gabat gelmegi halkymyzda aýdylýan «Toýlar goşa-goşadan gelýär» diýen sözleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we jebisligini aňladýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 537 müň 900 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 947 müň 396 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.

Şeýlelikde, bu giň möçberli çäre ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsi boldy.