"Aşgabatýylylyk" tresti

Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Suhumi döwlet uniwersitetiniň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan bu auditoriýanyň tanyşdyrylyşyny gurnaldy.

Çärä Türkmenistandan gelen wekiliýet, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, medeni-ynsanperwer ugry häzirki zaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp geçdi. Häzirki wagtda dünýäde medeni gepleşikleriň orny we ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa, ýurtlaryň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we aç-açanlyk esasynda gurnalýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyna ýardam edýän intellektual meýdança bolup çykyş edýär.

Çärä gatnaşan türkmen wekiliýetiniň agzalary akyldar Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlige, päklige we agzybirlige çagyrýan eserleriniň bütin adamzat bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny bellediler. Onuň onlarça dillere terjime edilen şygyry, dünýädäki millionlarça okyjylaryň ýüreklerine ýaň salýar.

Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Z.Honelidze, Magtymguly Pyragy adyndaky auditoriýasynyň açylmagy gruzin halkynyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmenleriň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmagyna, şeýle hem oňyn ynsanperwer gepleşikleriň, dostlukly gatnaşyklaryň we iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Çäräniň soňunda türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlary ýaňlandy.